icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

23 fewral 2024

861

Ahal welaýatynyñ häkiminiñ ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniñ Eýranyñ Demirgazyk Horasan welaýatyna sapary

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyñ häkimi R.Hojagulyýewiñ Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ häkimi M.Hosseinejada bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtalyp geçildi.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem saparyň çäklerinde iki goñşy welaýatyñ işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi.

22-nji fewralda Ahal we Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň Saglygy goraýyş pudagynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyñ senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de nebit-himiýa toplumy bilen tanyşdyryldy we bu pudaklar babatda hyzmatdaşylygy ösdürmek boýunça özara pikirler alyşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi