icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

29 fewral 2024

472

Türkmen wekiliýeti Medeni dürliligi goramak we höweslemdirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň 17-nji mejlisine gatnaşýar

2024-nji ýylyň 27-nji fewralyndan 1-nji marty aralygynda ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda Medeni dürliligi goramak we höweslendirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň 17-nji mejlisi geçirilýär. Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürliligini goramak we höweslemdirmek baradaky Konwensiýasyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary, Hökümetara Komitetine agza-döwletleriň we agzalan Konwensiýa agza-döwletleriň wekilleri we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu mejlisiň işine Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, Ilçi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleri gatnaşýar.

Mejlisiň dowamynda Komitet Hökümetara Komitetiniň 2024-2025-nji ýyllarda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasyny tassyklady. Şeýle hem, 2025-nji ýylda Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilmeli çäreler baradaky Konwensiýasynyň agza-döwletleri tarapyndan öňe sürlen tekliplere seredildi.

Bu mejlisiň çäklerinde raýat jemgyýetiniň we hökümete degişli däl guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garalmagy meýilleşdirilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi