icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 fewral 2024

550

Aktau şäherinde «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly tegelek stol geçirildi

2024-nji ýylyň 29-nji fewralynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Konsullygynyň (Aktau ş.) binasynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly tegelek stol geçirildi.

 Oňa Gazagystan Respublikasynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri  hem-de Aktau şäherinde bilim alýan Türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 9-njy fewralynda  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 22-nji fewralynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahatda ýurdumyzy has hem ösdürmek bilen bagly türkmen halkynyň öňünde goýlan maksatlar bilen tanyş boldular.

Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew öz çykyşynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» belent maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly ýurdumyzda alnyp barylýan belent maksatly işler we sagdyn durmuş ýörelgelerini, adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem çykyşlarda milli medeniýetimizi, maşgala gymmatlyklaryny we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi