icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 mart 2024

513

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory Zaza Abaşidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Gruziýanyň Milli Golýazmalar Merkeziniň arasynda göni aragatnaşyk saklamak arkaly bu iki düzümiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde bilelikdäki maslahatlary, ylmy forumlary, gözleg işlerini geçirmegiň hem-de ylmy taslamalary amala aşyrmagyň, şeýle-de iki ýurduň alymlarynyň arasynda tejribe alyşmagyň ähmiýetini aýratyn nygtaldy.

Ilçi şu ýyl beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň  doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini aýtdy. Bu ýubileý dabara bagyşlanan çäreleriň ählisi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has giňişleýin tanyşmagyna, netijeli ynsanperwer gepleşikleriniň, dostluk gatnaşyklarynyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň berkidilmegine goşant goşjakdygyny belledi.

Z.Abaşidze öz gezeginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky medeni - ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ynam bildirdi we baý medeni mirasy, gadymy gymmatlyklary we milli sungaty wagyz etmekde iki ýurduň alymlarynyň möhüm ornuny belläp geçdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi