icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 mart 2024

620

Medeni-ynsanperwer pudagynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi M.Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Ž.Andreasýan bilen duşuşdy.

Taraplar medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we sport pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Ilçi M.Aýazow türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap Ilçihana tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri guramakda ministrlik tarapyndan berilýän ýardamlar üçin Ministre minnetdarlyk bildirdi.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän olimpiadalara özara wekilleriň gatnaşmagy baradaky meseleleriň üstünde durlup geçildi.

Taraplar şeýle hem, Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň medeniýet günlerini geçirmek baradaky meseläniň üstünde durup geçdiler.

Sport pudagynda hyzmatdaşlygyň ösýändigi barada durup geçmek bilen, ilçi 2024-nji ýylyň martynda Sahkadzor şäherinde suwda ýüzmek boýunça okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça ýygyndy toparynyň Ermenistanda boljakdyklaryny, ermenistanly hokkeýçileriň bolsa aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşjakdyklaryny belledi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda bilim, ylym, medeniýet we sport pudagynda şertnama-hukuk binýadyny baýlaşdymak barada ylalaşyga gelindi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi