icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 mart 2024

601

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Ilçisi möhüm hökümet mejlisleriniň jemleri boýunça brifing geçirdi

2024-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda 9-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine we şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijeleri barada brifing geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, türkmen diasporasy we Bişkek şäherinde okaýan Türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Brifinge gatnaşyjylar «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde 2024-nji ýylda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletli wezipeleri bilen tanyşdylar.

Mundan başga-da, brifingiň dowamynda bu Maksatnama laýyklykda alnyp baryljak giň gerimli işleriň, halkymyzyň durmuş derejesini has hem ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.

Şu nukdaýnazardan ugur alnyp hem geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri we iş meýilnamasyny kesgitlemekde, şeýle hem raýatlaryň abadançylygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we ýurduň kanunçylyk binýadyny gowulandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetiniň ýokarydygy bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi