icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

05 mart 2024

426

Türkmenistanyň ilçisiniň Finlýandiýanyň Prezidentiniň inaugurasiýasyna gatnaşmagy

2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Finlýandiýa Respublikasyndaky Ilçisi Ýa.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Finlýandiýanyň täze saýlanan prezidenti Aleksander Stubbyň inaugurasiýasyna gatnaşdy. Ýurduň Parlamentinde geçirilen çärede öňki prezident Sauli Niinistu we täze saýlanan döwlet baştutany Aleksander Stubb we Parlamentiň başlygy Ýussi Halla-aho çykyş etdiler.

Inaugurasiýa tamamlanandan soňra Prezident köşgünde öňki we täze prezidentler Finlýandiýada akkreditirlenen Ilçiler bilen duşuşdylar.Munuň çäklerinde, Türkmenistanyň Ilçisi Finlýandiýanyň prezidenti Aleksandеr Stubby Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gutlady we iň gowy arzuwlary ýetirdi. Gutlag we arzuwlar minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Ilçisi Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Elina Waltoneniň diplomatik korpusy üçin gurnalan ýurduň daşary we howpsuzlyk syýasatlary boýunça geçirilen brifingine gatnaşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi