icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 mart 2024

568

Bişkekde türkmen-gyrgyz medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň ilçisi N.Gölliýew Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri A.Maksutow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty babatynda ikitaraplaýyn medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyklar barada pikir alşyldy.

Ilçi N.Gölliýew gyrgyz wekiliýetini Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanylyp geçiriljek çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Ministr A.Maksutow Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işlere ýokary baha berip, möhüm başlangyçlary goldamaga we ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bilelikde işlemäge taýýardyklaryny tassyklady.

Şeýle hem, Ýaşlar syýasaty babatynda, Ilçi, Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäginde ýaş nesliň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn goldamak we ösdürmek üçin «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigini belledi.

Sport ugrundaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi