icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 mart 2024

624

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Hindstanda ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda Ilçi Ş.Geldynazarow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalarynyň netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty yzygiderli berkidilýändigi, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” esasynda alnyp baryljak giň gerimli işler, amala aşyryljak özgertmeler barada belledi.

Şeýle-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda meýilleşdirilen giň gerimli çäreler barada çykyş edildi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi