icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 mart 2024

466

Parižde Türkmenistan bilen HEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 6-njy martynda, Pariž şäherinde ýerleşýän Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) baş edarasynda, Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi Maksat Çaryýew bilen HEA-nyň Ýerine ýetiriji direktory Dr.Fatih Birolyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň esasy meselesi Türkmenistan bilen HEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegi hem-de HEA-nyň 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara Forumyna (TEIF 2024) gatnaşmagy boldy.

Ilçi Çaryýew Dr. Birola foruma gatnaşmagy üçin türkmen tarapynyň resmi çakylygyny gowşurdy. Ol HEA-nyň Foruma ýokary derejede gatnaşmagynyň Türkmenistanyň energetika pudagyndaky başlangyçlarynyň halkara derejesinde goldanylýandygyna şaýatlyk etjekdigini nygtady.

Dr. Birol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Global Metan Ylalaşygyna goşulmak baradaky soňky başlangyjyna, şeýle hem COP-28-de yglan edilen beýleki halkara ekologik başlangyçlaryna HEA-nyň ýokary baha berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Parižde gyzyklanma bildirýän taraplar, halkara donorlar we hyzmatdaşlar bilen mundan beýläkki ädimleri maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtap, HEA-nyň Türkmenistany dünýäniň gün tertibine degişli uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekde giňden goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi