icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 mart 2024

658

Ženewada haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji martynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili W.Hajiýewiň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanynda akkreditirlenen Halkara hristian haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşygy guraldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar dünýäniň dürli künjeklerinde pes derejede ýaşaýan ilata ýardam bermäge gönükdirilen ynsanperwer taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu babatda, Guramanyň wekilleri Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde alyp barýan ynsanperwer syyasatyna, durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha berdiler.

2021-nji ýylda Türkmenistanda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny tarapyndan alnyp barylýan işleriň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Bu Gaznanyň işi bilen has ýakyndan tanyşdyrmak üçin, duşuşygtň ahyrynda ýokarda agzalan haýyr-sahawat guramasynyň wekillerine degişli maglumatlar berildi.

Ýokarda agzalan halkara haýyr-sahawat guramasynyň dünýäniň 190-a golaý ýurdunda iş alyp barýandygy, şeýle hem bu gurama tarapynda diňe 2022-nji ýylyň dowamynda umumy bahasy 1 milliard 20 million ABŞ dollaryna barabar bolan jemi 3 692 sany ynsanperwer taslamasy durmuşa geçirilendigi barada bellemek zerurdyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi