icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

12 mart 2024

487

Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji martynda türkmen edebiýatynyň görnükli klassigi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde, Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-usulyýet maslahaty we edebi okaýyşlar geçirildi.

Maslahatyň işine Ermenistanda akkreditlenen ýurduň diplomatik korpusynyň wekilleri, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary, edebiýatşynaslar, Ermenistanyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdy.

Gatnaşyjylara gutlag sözi bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory Ogannes Ogannisýan we Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow ýüzlendi.

Maslahatda Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türki dilleri kafedrasynyň müdiri Aleksandr Safarýan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili kafedrasynyň müdiri Gülruh Gurbanowa, Ermenistanyň Türkmenistandaky öňki Ilçisi Aram Grigorýan çykyş etdiler.

Ýygnananlaryň öňünde şahyr-terjimeçi Warujanu Hasturu döredijilikli çykyşynda türkmen klassikasyndan ermeni diline eden terjimeleriniň birini– “Gözel sen” labyzly okady, soňra Ermenistanyň halk artisti, radio alypbaryjy Maýranuş Grigorýan hem beýik Magtymgulynyň “Kyly-kal bolar” goşgusyny ermeni dilde okady.

Maslahat Gündogar öwreniş fakultetiniň talyplary tarapyndan Magtymgulynyň goşgularynyň döredijilik forumyna gatnaşyjylara sowgat berilen paýlama materiallaryndan terjimelerini okamak bilen tamamlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi