icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

12 mart 2024

3214

Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetindäki duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Irakli Natroşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň birnäçe ugurda işjeň ösýändigini belläp, ünsi häzirki döwürde yzygiderli we netijeli ösmäge ýykgyn edýän bilim pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda şaýatlyk edýän ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň birek-birege saparlary, bilelikde geçirilýän maslahatlar, seminarlar we forumlar bilim pudagynyň yzygiderli we netijeli ösüşlere gönükdirdiler.

Taraplar M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda öň gol çekilen akademiki we ylmy ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem giňelmegine we işjeňleşmegine ýardam bolandygyny aýratyn bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilelikdäki bilim taslamalaryny mundan beýläk-de taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi