icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 mart 2024

599

Tähranda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji martynda Tähranda Türkmenistanyň Ilçihanasy Medeniýet institutynyň, TähranYkdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň goldawy bilen, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Çärä eýran tarapyndan Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Medeniýet we Yslam gollanmasy ministrliginiň wekilleri; ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, Eýranyň medeni sungat eserleri we ýadygärlikler birleşiginiň wise-prezidenti doktor Alireza Habibi, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwreniji doktor Nasser Koli Sarli (Harazmi uniwersiteti) gatnaşdy. Medeni çäräni gurnaýjylaryň adyndan EKO Medeniýet institutynyň prezidenti Saad Han we Türkmenistanyň Ilçihanasynyň birinji sekretary A.Baýramow gutlag sözleri bilen ýygnananlara ýüzlendi.

Türkmen tarapy özüniň ýüzlenmesinde türkmen tarapy çärä gatnaşyjylara Türkmenistan hökümetiniň türkmen ýazyjysynyň ölmez-ýitmez mirasyny öwrenmek we gorap saklamak boýunça netijeli ädimlerini, şol sanda Türkmenistanda şu ýylyň«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigi we şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreleriň geçirilýändigini nygtap geçdiler.

Şonuň bilen bilelikde, medeni çäräniň dowamynda meşhur eýran alymlary türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okadylar, şeýle hem XIX asyryň galam ussasynyň ýatdan çykmajak işi barada gürrüň berdiler.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Ilçihana bilen YHG-nyň Medeniýet Institutynyň arasynda alnyp barylýan medeni we ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada maslahatlaşdylar. Taraplar halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ösüşiniň ýokary dinamikasy, şeýle hem ikitaralaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň we geljeginiň açylýandygyny hoşallyk bilen bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi