icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 mart 2024

478

Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligindäki duşuşyk

2024-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri jenap O.Nazarbekowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek bilen, medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-özbek gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler türkmen halkynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde guraljak bilelikdäki çäreler barada pikir alyşdylar. Şeýle-de, Ilçi özbek tarapyny bu şanly senä bagyşlanyp, geçiriljek baýramçylyk çäreleri bilen tanyşdyrdy.

Öz gezeginde, ministr O.Nazarbekow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karary esasynda Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaraly çäreler barada maglumat berdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi