icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

14 mart 2024

367

Ýerewan şäherinde türkmen sazly konserti geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji martynda Ermenistanyň Döwlet filаrmoniýasynyň Arno Babajanýan adyndaky konsertler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Konserte Ermenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.

Konserti Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow we Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýan açdylar.

Konsertiň çäklerinde sahnada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Şunda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň, Gurbannazar Ezizowyň, Keýik Artykowanyň goşgularyna, meşhur ussatlar Nury Halmämmedowyň, Weli Muhatowyň, Hydyr Allanurowyň, Aman Agajikowyň, Komitasyň we Arno Babajanýanyň sazlaryna düzülen eserler, aýdymçylar B.Moşiýewiň we M.Orazberdiýewanyň,  «Aşgabat Kamerata» kirişli saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi