icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 mart 2024

487

Wenada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 13-nji martynda Wena şäheriniň Diplomatik akademiýasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Awstriýanyň öňdebaryjy akademiki edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar.

Türkmen diplomatlary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň ýaşlary üçin gymmatly gollanma we ýol görkeziji bolup hyzmat edýän  Döwlet Baştutanynyň ilkinji kitabynyň mazmunynyň aýratyn ähmiýetini açyp görkezdiler.

Çäräniň dowamynda talyplar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň baý medeni mirasy barada giňişleýin maglumat aldylar. Ilçi Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna we häzirki ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, hyzmatdaşlygyň okgunly ýagdaýda ösýändigini we gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiň kitaby talyplarda uly gyzyklanma döretdi we olar döwletiň ýaşlar barada edýän aladasyna we Türkmenistanyň ýaş nesliniň ylym-bilimden başlap sport ulgamyna çenli dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine haýran galýandyklaryny beýan etdiler. Duşuşykda ýurduň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan ýaş türkmenistanlylaryň öňünde durýan möhüm meselelere aýratyn üns berildi.

Şeýle-de çäräniň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda türkmen şygryýetiniň beýik nusgawy şahyry, pelsepeçisi we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça döwlet we halkara derejesinde amala aşyrylýan işlere hem garalyp geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi