icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 mart 2024

533

Ýaponiýanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan okuw sapaklarynyň toplumy gurnaldy

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde baýram edilmegine ýardam bermek maksady bilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň başlangyjy esasynda 2024-nji ýylyň 15-nji martynda Sukuba uniwersitetinde we Higaşiosaka orta mekdebinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine hem-de onuň milli mirasa goşan goşandyna bagyşlanan okuw sapaklarynyň toplumy we sergi geçirildi.

Şeýle hem bu çäre Sukuba uniwersitetiniň talyby M.Geldiýewanyň Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esaslary hakyndaky çykyşyny we Osaka Kýoku uniwersitetiniň talyby Ş.Şamyradowanyň türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň şahsyýeti we ynsanperwer garaýyşlarynyň aýratyn taraplary hakyndaky okuw sapagyny öz içine aldy.

Şeýlelik bilen Türkmenistan barada bilimleri artdyrmaga we ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegine we çuňlaşmagyna itergi berjek bu çärelere Ýaponiýanyň talyplary we okuwçylary işjeň gatnaşdylar.

Sukuba uniwersitetinde geçirilen okuw sapaklarynyň toplumynyň çäklerinde türkmen halkynyň milli mirasyna we Magtymguly Pyragynyň eserlerine bagyşlanan sergi geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi