icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

15 mart 2024

514

Türkmenistanyň Ilçisi Awstraliýanyň hökümetinde birnäçe duşuşyklary geçirdi

Awstraliýa bolan saparynyň çäklerinde täze bellenen Türkmenistanyň Ilçisi A.Baýramow Astraliýanyň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi.

Birinji duşuşyk Awstraliýanyň Daşary işler we söwda ministriniň orunbasary Tim Watts bilen geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejede özara saparlary guramak we daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiligi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra Awstraliýanyň Daşary işler we söwda ministrligi Günorta-Gündogar Aziýa býurosynyň başlygy hem-de Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa toparynyň işi boýunça sekretaryň orunbasary Mişel Çan bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň geljekki özara gatnaşyklar üçin umumy bähbitleri we ugurlary ýüze çykarmaga ýardam edendigi bellenildi.

Awstraliýanyň Bilim ministrliginiň sekretarynyň orunbasary Wanessa Laptorn bilen geçirilen duşuşygyň temasy bilim pudagyna bagyşlandy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Awstraliýanyň bilim edaralarynyň arasynda bilim, akademiki alyş-çalyş we ylmy gözlegler boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Awstraliýanyň Howanyň üýtgemegi we energiýa ministriniň geňeşçisi Maýkl Belçamber bilen geçirilen duşuşyk derwaýys häsiýete eýe boldy. Tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin tejribe alyşmagy we tehnologiýalary geçirmegi öz içine alýan ekologiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman aýdylanda, Awstraliýanyň hökümetiniň wekilleri bilen geçirilen ähli duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary giňeltmekde indiki möhüm ädim boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi