icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

18 mart 2024

458

Wenanyň Diplomatik Akademiýasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 13-nji martynda Wena Diplomatik akademiýasynda Awstriýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň mirasy we Ýewropada türkmen medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Maslahat türkmen klassikasynyň dowamly mirasyny açyp görkezmek, şeýlle hem türkmen medeniýetiniň Ýewropadaky täsirini öwrenmek üçin möhüm meýdança boldy.

Maslahata Awstriýada akkreditlenen ilçiler we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we departamentleriň ýolbaşçylary, Türkmenistan, Awstriýa, Wengriýa we Slowakiýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we akademiki toparlarynyň wekilleri, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary, Awstriýada we beýleki Ýewropa ýurtlarynda bilim edaralarynda okaýan türkmen talyplary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň Ýewropa ýurtlaryndaky golýazmalaryny öwrenmek, Magtymguly we adamzat, şeýle hem Magtymgulynyň mirasy  ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini öňe sürmek üçin çeşme ýaly mowzuklar boýunça hasabatlaryny we çykyşlaryny görkezdiler.

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna we 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriň sanawyna girizmegi barada giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň Daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi