icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

18 mart 2024

441

Tähranda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy martynda Tähranda Türkmenistanyň Ilçihanasy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Medeniýet Instituty bilen bilelikde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre gurnady.

Çärä eýran tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet we Yslam gollanmasy ministrliginiň wekilleri, Eýranyň medeni sungat eserleri we ýadygärlikler birleşiginiň wise-prezidenti Alireza Habibi, "AVA" halkara diplomatik žurnalynyň Tähran bölüminiň başlygy, Eýrandaky türkmen medeni merkeziniň başlygy Ali Rahbar, ylmy intelligensiýasynyň görnükli wekilleri we Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenijiler, şeýle hem Tähranyň ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlarynyň düzümi gatnaşdylar.

Çäraniň dowamynda EKO Medeniýet institutynyň prezidenti Saad Han serginiň açylyş dabarasynda ýygnananlara gutlag sözleri bilen ýüzlendi.

Ilçihananyň diplomatlary gatnaşyjylara ýurdumyzda şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynda öz beýanyny tapan  Türkmenistanyň hökümetiniň türkmen klassiginiň ölmez-ýitmez mirasyny öwrenmek we gorap saklamak boýunça netijeli ädimlerini tanyşdyrdy.

Meşhur eýranly alymlar beýik türkmen klassiginiň şygyrlaryny okadylar we Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi