icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

19 mart 2024

429

Türkmenistanyň Moskwadaky Ilçihanasynda brifing geçirildi

19-njy martda 2024-ýylda Türkmenistanyň Moskwadaky Ilçihanasynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa diplomatiýa forumynda we Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara çärelerinde ýurduň halkara çemeleşmeleri dogrusynda eden çykyşyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik korpusyň wekilleri (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.), GDA ýurtlarynyň diplomatlary, metbugat işgärleri, syýasatçylar, medeni köpçülik, Russiýadaky türkmen diasporasy gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçisi E.Aýdogdyýew ýygnananlara 2023-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň üstünlikli netijeleri barada habar berilip, senagatda, oba hojalygynda, ýaşaýyş-durmuş we beýleki möhüm ugurlarda görkezijileriň yzygiderli we çalt depginde ösýändigini görkezýän statistik maglumatlary berdi.

Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkara işindäki möhüm wakalar, döwlet Baştutanyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň daşary ýurt saparlary, daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar, medeni we parlament diplomatiýasy ugrunda geçirilen çäreler bilen tanyşdyryldy.

Brifingde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumynda (Türkiýe) eden çykyşynda halkara başlangyçlarynda, şol sanda ösýän ýurtlaryň we geçiş ykdysadyýetleriniň orny, howanyň gün tertibi, BMG-niň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek bilen bagly Türkmenistan başlangyjy, durnukly energiýa we ulag aragatnaşygy ýaly meseleler boýunça ýurduň çemeleşmelerini hödürlemegi esasy orun eýeledi.

Şeýle hem ýygnananlara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýyl Türkmenistanda meýilleşdirilýän möhüm halkara çäreleri barada habar berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi