icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 mart 2024

558

Gyrgyzystanyň Bilim we ylym ministrliginde duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçisi N.Gölliýew bilen Gyrgyzystanyň Bilim we ylym ministri D.Kedirbaýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ylym-bilim pudagynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň we ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary we dil däplerini pugtalandyrmaga gönükdirilen Gyrgyzystanyň orta okuw mekdepleriniň we ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamasynyň daşyndan Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny öwretmek boýunça okuw sapaklarynyň girizilmeginiň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

Garalan meseleleriň hatarynda ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, sanly tehnologiýalar çygrynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, oba hojalygy we ekologiýa aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler öňde goýlan maksatlary durmuşa geçirmek boýunça işjeň gatnaşyklary ýola goýjakdyklaryny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi