icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

23 mart 2024

1007

Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynda bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýeti bilen agzalan ýokary okuw mekdebinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi.

Tegelek stola Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdiýew, Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň ýaşlar syýasaty, jemgyýetçilik işleri we halkara gatnaşyklary boýunça prorektory S.Surowsew, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Tegelek stoluň barşynda oňa gatnaşyjylar nusgawy şahyryň döredijilik mirasynyň çeper, ynsanperwer we ahlak gymmatyna, şeýle hem ýurdumyzda ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekdiler.

Tegelek stoluň ahyrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdiýew bilen Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň rektory A.Torkunowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Soňra dostlukly duşuşyk Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň Atriumynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň gazananlarynyň, Türkmenistanyň taryhy we häzirki gazananlary beýan edilen kitaplaryň we «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ýurdy» atly suratlaryň sergisini synalamak bilen dowam etdirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi