icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

23 mart 2024

1103

ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli medeni çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 19-njy martynda Halkara Nowruz baýramçylygynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Halkara Nowruz güni mynasybetli medeni çäräni geçirdi. Agzalan çäre ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynyň kabul ediş otagynda geçirildi.

Dabara gatnaşyjylar agza döwletleriň medeni köpdürlüligi we gymmatlyklary bilen tanyşmaga, şeýle hem adaty tagamlardan lezzet almaga mümkinçilik gazandylar.

Türkmenistanyň sergi stendinde milli türkmen tagamlary dadyrylyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, türkmen halkyna mahsus el halylalary, milli egin-eşikleri  we zergärçilik önümleri ýerleşdirildi.

Medeni çärä ÝUNESKO-nyň Baş müdiri Odri Azule, Fransiýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Pariž şäherinde ýerleşen halkara guramalaryň wekilhanalarynyň we ÝUNESKO-nyň ýanynda akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi