icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

23 mart 2024

1166

Pekinde Magtymguly Pyragy we Nowruz baýramy mynasybetli çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň beýik şahyry, filosofy we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çäre Hytaýyň Atçylyk senagat assosiasiýasynyň ýardam bermeginiň esasynda geçirildi.

Dabaraly çärä Ilçiler, diplomatlar, Hytaýyň ýokary derejeli hökümet işgärleri, halkara, sebit we hökümete dahylsyz guramalaryň, söwda we senagat birleşikleriniň wekilleri, şeýle hem döwlet we hususy kärhanalaryň wekilleri, türkmen we hytaý ýaşlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi P.Durdyýew öz çykyşynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan agzalan şygaryň ähmiýetine aýratyn üns çekdi. Şeýle hem Ilçi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky uly durmuş-ykdysady üstünlikler barada gürrüň berip, soňky ýyllarda gazanylýan makro we mikro-ykdysady üstünlikleriň esasynda Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Dabaranyň barşynda Hytaý Hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça wekili Li Hueý çykyş edip, görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleriniň bütin adamzadyň ruhy mirasy bolup durýandygyny aýratyn belledi. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem  güýçlenjekdigine we täze sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirdi.

Dabara gatnaşyjylara ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen meşhur türkmen ahalteke atlary, saz gurallary, halylary hem-de «Küştdepdi» milli aýdym we tans sungaty barada wideoşekiller görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi