icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 mart 2024

1883

Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi N.Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory A.Akmataliýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň esasy mowzugy akademiki we ylmy ugurlarda hyzmatdaşlyk, şol sanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hökmünde yglan edilmeginiň çäklerinde Gyrgyzystanda bilelikdäki çäreleri guramak bilen baglanyşykly boldy.

Duşuşygyň dowamynda pursatdan peýdalanyp, A.Akmataliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gyrgyz wekiliýetiniň hem işjeň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary guramaçylygy üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi