icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

01 aprel 2024

1940

"Merkezi Aziýa-Hytaý" formatynyň Sekretariatynyň dabaraly açylyşy

2024-nji ýylyň 30-njy martynda Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Merkezi Aziýa-Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sun Weýdun, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Şensi welaýat komitetiniň sekretary Çžao Ide, Şensi welaýatynyň häkimi Çžao Gan, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Bakaýew, Türkmenistanyň Ilçisi P.Durdyýew, Özbegistanyň Ilçisi F.Arziýew, Täjigistanyň Ilçisi Z.Saidzoda we Gyrgyzstanyň Ilçisi A.Musaýewa hem-de KHBS-leriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sun Weýdun özüniň çykyşynda dabara gatnaşyjylary wagtlaýyn Sekretariatyň açylmagy bilen gutlady we HHR-nyň Daşary işler ministriniň gutlag hatyny okady. Şeýle hem ol Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Hemişelik esasda hereket edýän Sekretariaty döretmek baradaky ylalaşyk geçen ýylyň maýynda Sian şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa – Hytaý formatyna gatnaşyjy döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitinde gazanylypdy.

Öz gezeklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylary hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň gutlag hatlaryny okadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýüzlenmesinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri geljekki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygy ilerletmegiň esasy ugurlary bolup durýar. Bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň zerurdygyny nazara almak bilen, türkmen tarapy formatyň çygryndaky özara gatnaşyklarymyzy giňeltmäge we berkitmäge saldamly goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Wagtlaýyn Sekretariatyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine U Insin bellendi we ol öz işini esaslandyryjy resminamalara gol çekilýänçä hem-de formatyň Baş sekretary bellenýänçä alyp barar. Taraplaryň ylalaşygy boýunça ilkinji Baş sekretar Hytaýyň wekili bolar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Sian şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Şensi welaýatynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe iş duşuşyklaryny geçirdi. Olaryň barşynda sebitara derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmegiň ýollaryny ara alnyp maslahatlaşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi