icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

04 aprel 2024

1404

Türkmenistanyň wekiliýeti Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) nobatdaky mejlisine gatnaşýar

2024-nji ýylyň 3-4-nji apreli aralygynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň baş edarasynda Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň nobatdaky (CIGEPS) mejlisi geçirilýär.

Mejlisiň işine CIGEPS-iň başlygy, Çiliniň Sport ministri jenap Haýme Pisarro, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlary boýunça orunbasary Gabriela Ramos, CIGEPS-iň ozalky başlygy, Azerbaýjanyň Ýaşlar we sport ministri Farid Gaibow, ÝUNESKO-nyň degişli bölümleriniň ýolbaşçylary, Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) we hökümete degişli däl guramalaryň agza döwletlerinden wekiller gatnaşýarlar.

Türkmenistandan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýewden we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň halkara bölüminiň başlygy Ş.Seräýewden ybarat bolan wekiliýet gatnaşýar.

CIGEPS-iň 2024-nji ýyldaky mejlisi Bedenterbiýe we sport boýunça jogapkär  ministrleriň we ýolbaşçy işgärleriň 7-nji halkara maslahatynyň (MINEPS VII) jemleri boýunça geljekde amala aşyrylmaly işlere bagyşlanar we onuň dowamynda 110-dan gowrak agza döwlet “Fit for Life” bileleşigini esaslandyran  MINEPS VII-niň Baku jemleýji resminamasyny  makullady. Bu Global bileleşik “Fit for Life” maksatnamasynyň milli we halkara derejede durmuşa geçirilmegini goldamak üçin hususy we döwlet pudaklarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.

Sekretariat “Fit for Life-yň” işiniň ileri tutulýan ugurlarynda gazanylan ösüşler barada maglumatlary ýetirýär. Munuň özi iri sport çäreleriniň jemgyýetçilik we ekologiýa mirasyny ösdürmek, sportuň edýän täsiriniň subutnamalar binýadyny berkitmek, sporta goýulýan maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, gender deňliginiň we kepillikleriň üpjün edilmeginiň goralmagy, jynsparazlyga garşy göreş, ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek we Afrika sport ekoulgamynyň mümkinçiliklerini açmak ýaly ugurlary öz içine alýar.

Şeýle hem Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda ÝUNESKO-nyň 2024-nji ýyldaky ýokary derejeli çärelerine syn berler.

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetine agzalyga saýlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi