icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

16 aprel 2024

426

«Magtymguly Pyragynyň ruhy mirasy – dostlugyň we parahatçylygyň nyşanydyr» atly halkara ylmy maslahat

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Ş.Ýesenow adyndaky uniwersitetiniň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň ruhy mirasy – dostlugyň we parahatçylygyň nyşanydyr» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki Konsullygynyň we Ş.Ýesenow adyndaky uniwersitetiniň gurnamagynda geçirildi.

Maslahata Mangistau welaýatynyň häkiminiň orunbasary Z.Ýesenbergenowa, Ş.Ýesenow adyndaky uniwersitetiň prezidenti B.Ahmetow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň wekilleri, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri, Aktau şäherinde akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary we işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Mangistau welaýatynyň belli taryhçylary, şahyrlary, ýazyjylary, Ş.Ýesenow adyndaky uniwersitetiň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň eksponatlary bilen ýurdumyzyň milli gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Sergi türkmen halkynyň senetçilik sungatynyň gazananlary, şaý-sepler we dokma önümleri, milli egin-eşikler, türkmen halylary bilen köpleriň ünsüni özüne çekdi.

Ylmy maslahaty Ş.Ýesenow adyndaky uniwersitetiň prezidenti B.Ahmetow açdy. Mangistau welaýatynyň häkiminiň orunbasary Z.Ýesenbergenowa öz çykyşynyň dowamynda doganlyk ýurtlary diňe bir umumy gymmatlyklar däl-de, eýsem birek-biregi baýlaşdyrmaga we ylham bermäge gönükdirilen hemişelik medeni dialogyň birleşdirýändigini belledi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hökmünde yglan edilendigini habar berip, türkmen şahyrynyň edebi mirasynyň dünýä sungatynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasyna öwrülendigini we adamzadyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga hyzmat edýändigini nygtady.

Şeýle hem, Konsul şu ýylyň dowamynda Astanada Magtymguly Pyragynyň we Aşgabatda Abaý Kunanbaýulynyň heýkelleriniň oturdyljakdygyny beýan etdi.

Maslahatyň dowamynda şahyryň döredijilik mirasy, onuň ruhy we dünýägaraýyş aýratynlyklary hakynda çykyşlar diňlenildi we şygyrlar okaldy. 

Halkara ylmy maslahatyň netijelerini jemläp, Uniwersitetiň Prezidenti agzalan çäräniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge uly goşant goşjakdygyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi