icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

25 aprel 2024

668

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda, türkmen tarapy ESCAP bilen netijeli gatnaşyklar barada bellemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň maksatlaýyn gaznasyny döretmek baradaky başlangyjyny we ESCAP-nyň 79-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Aral deňzi boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegini goldandyklary üçin ýolbaşçylyga we sekretariata minnetdarlygyny bildirdi.

Taraplar ýakyn wagtda ESCAP bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar, hususan-da BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) çäginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Ýerine ýetiriji sekretar A.Alisjahbana, Komissiýanyň 80-nji mejlisine gatnaşandygy üçin türkmen wekiliýetine minnetdarlyk bildirdi we ESCAP-yň dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi