icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

25 aprel 2024

504

Rus-ermeni uniwersitetinde «Magtymgulynyň pelsepewi mirasy – Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy» atly umumy okuw sapagy

2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi M.Aýazow Rus-ermeni uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary üçin «Magtymgulynyň pelsepewi mirasy – Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy» atly umumy okuw sapagyny geçdi.

Okuw sapagynyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň häzirki daşary syýasy doktrinasynyň konseptual esaslary, şeýle hem türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary barada gürrüň berdi.

Okuw sapagy täsirli görkezme maglumatlary bilen utgaşdyryldy. Ilçi türkmen-ermeni medeni we edebi gatnaşyklarynyň üstünde hem durup geçdi. Ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Bedimuhamedowyň kitaplarynyň ermeni diline terjime edilendigine talyplaryň ünsüni çekdi. Hususan-da türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyna esaslanyp, Ilçi türkmen halkynyň dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklarynyň, birek-birege kömek bermek meýliniň uly ähmiýete eýedigini hem-de onda biziň döwletimiziň esaslanýan köp sanly ýörelgeleriniň we  düzgünleriniň berkidilendigini belledi.

Okuw sapagynyň ahyrynda Rus-ermeni uniwersitetiniň talyplary şahyr-terjimeçi Waružan Hastur tarapyndan ermeni diline terjime edilen Magtymgulynyň goşgularyny labyzly okadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi