icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 aprel 2024

755

Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbeýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi. Forumyň işinde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk edýär.

Öz çykyşynyň dowamynda türkmen tarapy Azerbeýjanyň, Merkezi Aziýa we Arap ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde edilýän tagallalaryň durmuşa geçirilmegiň ähmiýetini bellemek bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-senagat, ulag-energetika, daşky gurşaw ýaly pudaklaryň çykyş edýändigini nygtady.

Çäräniň barşynda Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň departamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer çygyrlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň ähmiýetine üns çekdiler. Aýdylanlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge iki halkyň özara medeniýet günleriniň geçirilmeginiň we hökümetara türkmen-katar toparynyň işiniň itergi berýändigi nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi