icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

06 maý 2024

679

Türkmen kinematografçylary tarapyndan surata düşürilen Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan film Gyrgyzystanyň teleýaýlymlarynda görkezilýär

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemeginiň çäklerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dokumental filmleriň tapgyryny surata düşürmek boýunça ençeme işleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde bu birleşik tarapyndan Gyrgyzystanda «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental film surata düşürildi.

2024-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda gyrgyz dilinde ses berilen bu film Gyrgyz Respublikasynyň «Тв-15», «Регион», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» we «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkezilýär.

Beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi baradaky dokumental film gymmatly maglumatlary, taryhy faktlary we gyrgyz ylmy intelligensiýasy bilen geçirilen söhbetdeşlikleri öz içine alýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi