icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

20 maý 2024

496

Duşenbe şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy

2024-nji ýylyň 18-nji maýynda Muzeýleriň halkara güni mynasybetli Täjigistan Respublikasynyň Milli muzeýinde geçirilen «Muzeý gijesi» atly halkara çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sergi guraldy.

Çärä Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň we Duşenbe şäher häkimliginiň ýerine ýetiriji edarasynyň ýolbaşçylary, Täjigistanda akkreditirlenen daşary ýurtly Ilçiler, Täjigistanda bilim alýan türkmen talyplary we Duşenbe şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Serginiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» we «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şeýle hem sergide Gahryman Arkadagymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki goşgularynyň ýygyndylary we türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Serginiň çäklerinde türkmen halk sazlary we aýdymlary ýerine ýetirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi