icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

23 maý 2024

581

Baku şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Baku şäher bilim müdirliginiň 1-nji Çagalaryň we ýaşlaryň ösüşi merkezi bilen bilelikde guramagynda bu merkeziň Şekillendiriş sungaty galereýasynda beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli edebi agşam we sungat sergisi geçirildi.

Çäreleriň barşynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi G.Elýasow, Baku şäheriniň Nesimi etrabynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň wekili E.Huseýnow, Azerbaýjanyň Ylym we bilim ministrliginiň ýanyndaky bilim edaralarynyň wekilleri, Azerbaýjan Respublikasynyň halk suratkeşi, Azerbaýjanyň Suratkeşler birleşiginiň «Amaly-haşam sungaty» bölüminiň ýolbaşçy, haly suratkeşi A.Rajabow, merkeziň müdiri K.Abdullaýewa, gurnaklaryň işgärleri we agzalary çykyş etdiler.

Çäreleriň dowamynda «Aýna» teatr gurnagynyň agzalary şahyrana, aýdym-saz kompozisiýalaryny görkezdiler, tans toparynyň agzalary ajaýyp tanslary ýerine ýetirdiler. Çykyşlaryň ahyrynda çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi