icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

28 iýun 2024

6067

Türkmenistanyň wekiliýeti Çolpan-Ata şäherinde geçirilýän TDG-nyň Halkara işewürlik forumyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Halkara işewürlik forumyna gatnaşdy.

Çärä TDG-niň agza ýurtlarynyň wekiliýetleri we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn mehanizmleri hem-de gurluşlary güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen türki döwletleriniň söwda we senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde Forumyň maksatnamasyna laýyklykda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi