icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 aprel 2017

359

Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynda ÝB- Merkezi Aziýa bilermenleriniň utgaşdyrma boýunça geňeşmeleri

2017-nji ýylyň 21-nji aprelinde Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýasy boýunça geňeşmelerini gurnady. Duşuşykda Daşarky hereketleriň Ýewropa gullugynyň, Ösüş we hyzmatdaşlyk departamentiniň, DG Energy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Brýusseldäki ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady Ýewropa Bileleşigi tarapyndan öňe sürülýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebiti bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlaryna täzeden göz  aýlama boýunça geňeşmelerine öz goşandyny goşmak.

Bu geňeşme ilkinji gezek, Sekretariatyň Brýusseldäki täze baş edarasynyň binasynda geçirildi we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçihanalarynyň wekillerini kabul etdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri Ýewropa Bileleşigi bilen energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek gyzyklanmalaryny ýene-de bir gezek tassykladylar. Gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin ortamöhletli Strategiýasynyň dowamynda ýurtlaryň anyk zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşmagy başlamak üçin amatly wagtynda geçirilmegi bilen ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi