icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

25 iýul 2024

6542

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 24-25-nji iýuly aralygynda Çolpon-Ata şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri A.Saparow, Gyrgyzystanyň wekiliýetine Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, suw hojalygy, oba hojalygy we gaýtadan işlenýän senagat ministri B.Torobaýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti nygtaldy.

Taraplar energetika, oba hojalygy, medeniýet, syýahatçylyk we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurlygyny bellediler.

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisiniň netijeleri boýunça Jemleýji Teswirnama gol çekildi we 2025-nji ýylda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny import etmek baradaky gol çekilen resminamalary alyşmak dabarasy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi