16 sentýabr 2024
3325
Astrahanda mini-futbol boýunça ýaryş geçirildi
2024-nji ýylyň 13-14-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan ş.) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan mini-futbol boýunça ýaryş guraldy.
Bäsleşige Astrahan oblastynda we Stawropol sebitinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekillerinden ybarat bolan toparlar, şeýle hem Astrahan oblastynda bilim alýan türkmen talyplaryndan ybarat bolan Konsullygyň topary gatnaşdylar.
Ýaryşyň açylyş dabarasynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň parahatçylyga, watançylyga, ylalaşyga, doganlyga we dostluga çagyrýan eserleriniň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edýändigi nygtaldy.
Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňiji bolan toparlara kubok we medallar gowşuryldy.
Başga habarlar
25
Jul
Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
20
Jul
Waşington şäherinde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramlarynyň ýubileý senelerine bagyşlanan çäreler geçirildi
18
Jul
Türkmenistanyň wekiliýeti Taýlandyň Bankong şäherinde OEWG-48 mejlise gatnaşdy
17
Jul
Türkmenistanyň Ilçisiniň Fransiýanyň öňdebaryjy «ESSEC» biznes mekdebiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
17
Jul
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy (Tbilisi şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy iýuly)
Ähli habarlary görmek