icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 maý 2017

420

Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynda maýa goýum araçyllygy boýunça seminar geçirildi

2017-nji ýylyň 11-nji maýynda Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynda maýa goýum araçyllygy boýunça interaktiw seminary geçirildi. Bu semanar hökümetleriň wekillerine  maýa goýum araçyllygy bilen bagly esasy meseleleri barada amaly düşünje almaga we bolmagy mümkin päsgelçiliklerine garşy göreşmek barada degişli ugrukdyrmalary bermäge mümkinçilik döretdi. Seminarda Aziýa, Afrika, Latyn Amerika we Ýewropa ýurtlarynyň 15 sanysynyň hökümetleriniň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Seminary Sekretariatyň esasy hukuk geňeşçisi Alehandro Karbalýo açdy. Ol Energetika Hartiýasynda ýakynda kabul edilen Maýa goýum çygrynda araçyllygy boýunça halkara gollanmasy bilen tanyşdyrdy we düşündirdi. Netijeli pikir alyşmalardan soňra hökümetleriň wekilleri, Palatanyň arbitraž, araçyllyk we jedeller (ArbDB) boýunça adwokaty Wolf fon Kumberg  maýadar tarapyndan araçyllygyň nähili kabul edilendigini düşündirdi.

Araçyllygyň halkara institutynyň maýadarlarynyň we döwletleriniň arasynda araçyllyk boýunça Ýörite toparynyň başlygy Mark Appel araçyllygy bahalandyrmagyň, teklip etmegiň we taýýarlanmagyň meselelerine geçdi. Şol bir wagtda Jedelleriň netijeli çözülmeginiň merkeziniň okuw meseleleri boýunça direktory Jeýms Saut ünsüni araçyllyk işleriniň geçirilmeginiň aýratynlyklaryna  gönükdirdi. Waşington Hukugy kolledžiniň kömekçi professory we ylmy işgäri Ernando Otero hökümetler tarapyndan giňden ýaýran päsgelçilikleri düşündirdi.

Soňra Maýa goýum jedelleriniň dolandyrylmagy boýunça halkara merkeziniň topar ýolbaşçysy we hukuk maslahatçysy Frauke Niçke Merkezde kabul edilen ylalaşyk ýagdaýyna degişlilige gysgaça göz gezdirip, birnäçe maslahatlary berdi.

Maýa goýum jedelleriniň parahatçylykly çözülmegi üçin netijeli gural hökmünde maýa goýum araçyllygyna ýardam etmek boýunça geljekgi tagallalary  iýun aýynda Waşingtonda Sekretariatyň  Maýa goýum jedelleriniň dolandyrylmagy boýunça halkara merkezi, Araçyllygyň halkara instituty, Jedelleriň netijeli çözülmeginiň merkezi bilen bilelikde gurnaljak maýa goýum araçyllaryň akkreditasiýasy boýunça taýýarlyk okuwlarynyň üsti bilen dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi