icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

03 oktýabr 2024

1299

Ženewada Adam hukuklary boýunça geňeşiň 57-nji çäginde mejlisiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş çäresi geçirildi

2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde Adam hukuklary boýunça geňeşiň 57-nji mejlisiniň çäginde «Adam hukuklary we ösüşe bolan hukuk» atly ugurdaş çäräni gurady.

Çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hemişelik wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we adam hukuklary boýunça hünärmenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýew öz çykyşynda adam hukuklarynyň esasy hökmünde ösüşe bolan hukugyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi