icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

24 oktýabr 2024

381

Türkmenistanyň Prezidentiniň BRIKS Sammitindäki çykyşy

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabry)

Hormatly döwlet Baştutanlary, 

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. 

Türkmenistan BRIKS+ “autriç” Sammitine ilkinji gezek gatnaşýar. Biz şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirýäris we muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarynda deňhukukly dialog, ynanyşmak we açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. 

Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna we dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydyklaryna ynanýarys. 

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini we netijeliligini bellemek gerek. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär. 

Jogapkärçilikli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýyny kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen birnäçe çäreleri teklip edýär. Bu babatda ýurdumyz BMG-da birnäçe teklipler bilen çykyş etdi, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara Guramanyň esasy hyzmatdaşlary hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, şeýle hem sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanylmagy möhüm waka boldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge ähli döwletleriň işjeň gatnaşjakdygyna bil baglaýarys. 

Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa we howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar. 

Bu ugurda döwletimiz işjeň we jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika we durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Gürrüň, Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. 

Ýurdumyzyň beýleki başlangyçlary -- Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça bileleşigi döretmek başlangyçlarydyr. 

Umuman, häzirki ählumumy geoykdysady meýiller barada aýdylanda, ösüp barýan ýurtlaryň barha artýan ähmiýetini Türkmenistan şolaryň hatarynda aýratyn belleýär. Bu ýurtlar dünýä gurluşynyň ozal ýola goýlan, ýöne özgerdilmegi talap edýän gatnaşyklaryna täze güýç we many-mazmun bermäge ukyplydyrlar. Şunda döwletleriň ylmy-tehnologik ösüşi, sanlylaşmak derejeleriniň we innowasion standartlarynyň deňleşdirilmegi; ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig maly gazyp almakda we gaýtadan işlemekde, birnäçe beýleki ulgamlarda ekologiýa talaplarynyň ileri tutulmagy esasy şert bolmalydyr. Biz bu maksatlara ýetmek üçin yzygiderli tagalla ederis. 

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler barada aýtmak isleýärin. Bu meseläniň esasy mesele boljakdygy hem-de XXI asyrda adamzadyň ösüş ýoluny kesgitlejekdigi mese-mälimdir. Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselesine howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde ählumumy çemeleşmäniň binýatlaýyn bölekleriniň biri hökmünde garamak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa bilen baglanyşykly tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň we olara garşy durmagyň köptaraplaýyn mehanizmlerini döretmek ugrunda çykyş edýär. 

Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw we suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. 

Biz ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly ähmiýet berýäris. Soňky ýyllarda bu ulgamlarda Türkmenistan BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, birnäçe ýöriteleşdirilen institutlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy, bu bolsa milli derejede oňyn netijeleri gazandyrdy we biz beýleki ýurtlar bilen toplan tejribämizi paýlaşmaga taýýardyrys. 

Şeýle hem ýurdumyz medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berilmegini möhüm hasaplaýar. Birek-biregi has gowy tanamak, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, milli sungatlaryň özara baýlaşmagy halklary döredijilikli esaslarda birleşdirýän gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. 

Bu ulgamlarda hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ýola goýmaga, bilelikdäki çäreleriň degişli meýilnamalaryny işläp düzmäge taýýardyrys. 

Hormatly Sammite gatnaşyjylar!

Şu gezekki mejlise gatnaşmaga çakylyk hem-de çykyş etmäge we garaýyşlarymyzy hem-de tekliplerimizi beýan etmäge döredilen mümkinçilik üçin guramaçylara ýene-de bir gezek hoşallyk bildirmek isleýärin. 

Sözümiň ahyrynda netijeli işlemäge döredilen şertler üçin guramaçylara minnetdarlygymy beýan etmäge rugsat ediň.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi