icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 maý 2017

391

Halkara Energetika Forumy —energetikanyň durnukly geljegi üçin maýa goýumlaryň mobilizasiýasy

2017-nji ýylyň 12-nji maýynda Brýusselde Halkara Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynda Halkara Energetika Hartiýasynyň forumy geçirildi. Çäre Düzgünleşdirmegiň Florentiý Mekdebi (FSR), Stokgolmyň Söwda edarasynyň Arbitraž instituty (SCC), Maýa goýum jedelleriniň dolandyrylmagy boýunça halkara merkezi (ICSID) we Hemişelik Arbitraž kazyýeti (PCA) tarapyndan bilelikde gurnaldy. Forumyň işine senagat, hökümet, hukuk ulgamlarynyň we ylmy toparlarynyň 100-den gowrak wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň maksady energiýa serişdelerini durnukly ösüş görnüşine geçmek bilen bagly syýasatyň meselelerine,  hukuk kadalaýyn esaslary boýunça öňdebaryjy pikirler we nukdaýnazarlar bilen alyşmagyna gönükdirildi. Dürli görnüşdäki we özaradoldurýan esaslar boýunça forumyň gurnaýjysy bolan bäş edaralary bilelikde energetika çygrynda maýa goýumlary höweslendirmek, şeýle hem energetika bazarlarynda syýasatyň meseleleri boýunça seljermesine we gepleşiklerine gatnaşdylar.

“Durnukly energiýa hemmeler üçin” (“SE4All”) bütindünýä başlangyjynyň baş direktory we BMG-niň Baş sekretarynyň “SE4All”-daky ýörite wekili h-m Reýçel Kaýt öz çykyşynda energonetijeliliginiň täsirliligini we gaýtadan işlenilýän energiýa çeşmeleriniň dünýädäki mukdaryny iki esse artdyrmak bilen häzirki zaman energetika  hyzmatlarynyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek baradaky nukdaýnazaryny beýan etdi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi