icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

28 noýabr 2024

3293

Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň 175-nji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Pariž şäherinde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 175-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine türkmen wekiliýetiniň düzüminde Ilçi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekili gatnaşdylar.

Çäräniň gün tertibine laýyklykda ýetip gelýän halkara sergilerine taýýarlyk işleriniň gidişi barada wekiliýetleriň hasabatlary diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BIE-niň Baş sekretary D.Kerkentzes bilen gysga wagtlaýyn duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň çäginde Türkmenistanyň guramanyň Dolandyryş we býujet komitetine agzalygy bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekilleri biziň ýurdumyzyň BIE bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

D.Kerkentzes hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we BIE sekretariatynyň netijeli bilelikdäki işini dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi