13 ýanwar 2025
4427
Türkmenistanyň wekiliýeti «Haj we umra hyzmatlary» atly dördünji maslahata we sergä gatnaşýar
2025-nji ýylyň 12-14-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde «Haj we umra hyzmatlary» atly dördünji maslahat we sergi geçirilýär. Oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.
Türkmen tarapyndan maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2025-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Maslahat we sergi öz işini dowam edýär.
Başga habarlar
28
Sep
Türkiýede we Pakistanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi
28
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň we sebit guramalarynyň ýokary derejeli çärelerine gatnaşdy
25
Sep
Türkmenistan BMG-niň demografik durnuklylyk boýunça ýokary derejeli çäresine gatnaşdy
25
Sep
Türkmenistan YHG-nyň daşary işler ministrleriniň her ýylky utgaşdyryjy duşuşygyna gatnaşdy
24
Sep
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY
Ähli habarlary görmek