icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

23 ýanwar 2025

1767

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Gujranwala Business Centre kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki Ilçihanasynda Gujranwala Business Centre döwlet kompaniýasynyň başlygy Ahmad Ikram Lonenyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, bazar düzümleriniň we döwlet gözegçiliginiň netijeli sazlaşygyna, iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy barada habar berdi.

Pakistanly işewürler türkmen telekeçileri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirdiler.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek üçin yzygiderli duşuşyklary geçirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi