29 ýanwar 2025
3321
Astrahanda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä ýokary okuw mekdepleriň, KHBS-niň wekilleri we Astrahan oblastynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çykyş edenler kitabyň şahyryň mirasynyň ähmiýetini we ynsanperwer garaýyşlary dünýä ýaýmakdaky goşandyny açyp görkezýändigini bellediler. Neşiriň Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, filosofiýasyny, türkmen medeniýetine we dünýä edebiýatyna täsirini öwrenmekdäki ähmiýeti nygtaldy.
Kitap tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabyndan çeper okaýyşlar guraldy.
Başga habarlar
23
Jun
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy bilen duşuşdy
23
Jun
Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi
23
Jun
Türkmenistan bilen Hytaý energetika bilmi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär
19
Jun
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
19
Jun
Baku şäherinde adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumy geçirildi
Ähli habarlary görmek