icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

30 ýanwar 2025

2170

Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda dabaraly çäreler geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä türkmen diasporasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine, bu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde giň okyjylara niýetlenen eseriň beýik şahyryň baý edebi mirasyny, dünýä medeniýetine goşan goşandyny, onuň ýubileýine bagyşlanan çäreleri we Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini açyp görkezýändigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi