icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 iýun 2017

427

Türkmenistanyň başlyklygynda geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Aşgabat forumynyň JEMLEÝJI RESMINAMASY

2017-nji ýylyň 30—31-nji maýynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti Halkara Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty bilen bilelikde Aşgabatda “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Halkara Energetika Hartiýasynyň maslahatyny geçirdi. Forumyň işine 80-den gowrak wekiliýet, şol sanda Halkara Energetika Hartiýasyna agza ýurtlardan ministrler, ýokary wezipeli adamlar hem-de halkara energetika we maliýe guramalaryndan, energetika kompaniýalaryndan hem-de ylmy-barlag edaralaryndan esasy bilermenler we synçylar gatnaşdylar. 

Şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Energetika Hartiýasy boýunça Konferensiýanyň kömekçi edaralarynyň çäklerinde häzirki wagtda Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek barada köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyk boýunça gepleşiklere başlamak üçin şertleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hususan-da, şu ýyl üstaşyr geçirmek bilen bagly anyk meseleleri kesgitlemek hem-de Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň isleglerini beýan edýän çözgütleri işläp taýýarlamak esasy wezipe bolup durýar. 

Şu forum hem, 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda, 2015-nji ýylyň aprelinde we noýabrynda Brýusselde hem-de Pekinde, 2016-njy ýylyň iýulynda Tiranada geçirilen energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça bilermenleriň halkara mejlisleri ýaly giň geografik çäklerde ýangyç serişdelerini ibermegiň we üstaşyr geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň nukdaýnazarlaryny maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. 

Forumyň çäklerinde energiýa serişdelerini, şol sanda tebigy gazy, nebit önümlerini we elektrik energiýasyny üstaşyr geçirmek hem-de serhetýaka ibermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleri ählumumy energetika howpsuzlygyny gazanmak hem-de Durnukly Ösüş Maksatlaryny amala aşyrmak üçin halkara energetika hyzmatdaşlygynyň möhümdigini bellediler. Ibermek hem-de düzüme elýeterlilik şertleri bilen bagly meseleleri öz içine alýan energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi olary halkara bazarlaryna ibermegiň özara bagly bolan halkasynyň has möhüm bölekleriniň biri bolup durýar. 

Tebigy we suwuklandyrylan gazyň, nebitiň hem-de elektrik energiýasynyň söwdasy, iberilmegi we üstaşyr geçirilmegi bilen bagly meselelere bagyşlanan forumyň aýry-aýry mejlisleri energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň çylşyrymlylygyny görkezdi. Sebäbi işe gatnaşyjylaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk we yzygiderli ýörelgeleriniň bolmagy möhümdir. Olar köplenç öz anyk bähbitlerine eýerýärler. Energiýa satyn alýan ýurtlar daşary ýurt serişdelerine bagly bolýar. Şeýlelikde, olar öz milli ykdysadyýetleriniň işlemegini üpjün etmek üçin energiýa akymlarynyň öz serhetlerine bökdençsiz gelmegine gyzyklanma bildirýärler. Energiýa ugradýan ýurtlar we olaryň kärhanalary daşarky söwdadan girdejileriň çeşmesi hökmünde bazarlaryň durnuklylygy meselesine uly üns berýärler. Ahyrky netijede, ýurtlaryň hemmesi öz howpsuzlygyny üpjün etmek üçin üstaşyr töwekgelçilikleriniň az bolmagyna gyzyklanma bildirýärler. 

Ählumumy energetika howpsuzlygy babatda üstaşyr geçirmegiň möhümdigi ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda 67/263 belgili Kararnamasynda gozgaldy. Ol Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyldy hem-de 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda biragyzdan kabul edildi. Muňa garamazdan, energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän, bir bitewi ýörelgeleri we düzgünleri göz öňünde tutýan köptaraplaýyn hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak zerur bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Energetika Hartiýasynyň maslahatynyň çäklerinde energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça geçirilýän işler energiýa serişdeleriniň halkara söwdasyny ösdürmek üçin mümkin bolan gurallaryň biri bolup durýar. 

Maslahata gatnaşyjylar maýa goýumlarynyň amala aşyrylmagy, düzüme elýeterlilik, bar bolan düzümi peýdalanmak arkaly nyrh emele getirmegiň umumy ýörelgeleri bilen bagly meseleleriň bardygyny bellediler. Tebigy gazy, elektrik energiýasyny we nebiti serhetüsti ibermek üçin üstaşyr ugratmagyň halkara hukuk düzgünini döretmek çylşyrymly wezipe bolup durýar. Üstaşyr geçirmek boýunça bir bitewi hukuk guralyny işläp taýýarlamagyň Halkara Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň syýasy erkine baglydygy bellenildi. 

Türkmenistanyň Hökümeti öz nobatynda Baş Assambleýanyň 67/263 belgili Kararnamasyny ýerine ýetirmek üçin energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek babatda Halkara Energetika Hartiýasy bilen bilelikde geçirilen işler hakynda BMG-niň Baş Assambleýasyna hasabat berer. Mundan başga-da, Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde 2017-nji ýylda şu Kararnamanyň awtordaşlaryny energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça bir bitewi ýörelgeleri we düzgünleri işläp taýýarlamaga doly hukukly gatnaşmak maksady bilen, Halkara Energetika Hartiýasynyň syýasy jarnamasyna gol çekmek arkaly Energetika Hartiýasynyň işine goşulmaga çagyrýar. 

Energetika Hartiýasyna şertnama bu günki gün üstaşyr geçirmek meselelerini düzgünleşdirýän özboluşly hökmany hukuk gural bolup durýar. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylda çap edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Kararnama boýunça hasabatynda beýan edildi. Häzir dünýäniň 80-den gowrak ýurduny birleşdirýän Halkara Energetika Hartiýasyna goşulmak Şertnama tarap ugurda ilkinji ädim bolup durýar. Onuň maksady maýa goýumlary we energetika söwdasy bilen bagly töwekgelçilikleri azaldýan hem-de ähli gatnaşyjylar üçin hökmany bolan bir bitewi düzgünleri ulanmagyň hasabyna energetikada hukuk kadalaryny berkitmek bolup durýar. 

Yzygiderli üýtgeýän energetika gurluşynyň şertlerinde Hartiýanyň ugrunyň geografik taýdan giňelmegi bar bolan täze agzalara energetikada ählumumy özara gatnaşyklaryň ýörelgelerini kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda toplanan tejribäni nazara almak bilen, BMG-niň sebit toparlaryny, halkara energetika we maliýe guramalaryny Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işe işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. Şonuň bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek meseleleri boýunça 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalary bilen başy başlanan ählumumy gatnaşyklary dowam etmäge çagyrýarys. 

Halkara Energetika Hartiýasynyň energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň meseleleri boýunça eýeleýän esasy ornuny nazara almak bilen, degişli ugurda işleriň netijelerini umumylaşdyrmak maksady bilen, şunuň ýaly maslahatlary sebitiň çäklerinde yzygiderli esasda geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. 

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Halkara Energetika Hartiýasynyň ýangyç ugradýan, sarp edýän we üstaşyr geçirýän ýurtlaryň bähbitleriniň deňeçerligini gazanmak maksadynda energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn guraly ilerletmek babatdaky tagallalaryna ýokary baha berdiler, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetine we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat forumyny geçirmek boýunça berlen goldaw üçin hoşallyk bildirdiler. Mundan başga-da, gatnaşyjylaryň şu netijeleriniň nazara alynjakdygyna hem-de syýasy jarnamada öz beýanyny tapjakdygyna umyt edýändikleri bellenildi. Bu jarnamany şu ýylyň 28—29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasy boýunça Konferensiýanyň 28-nji mejlisiniň jemleri boýunça kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi